Liman Şäheri Rus Güýçlerinden Halas Edildi

Zelenskiý, ýerli wagt bilen 12.30-da Liman şäheriniň rus güýçlerinden halas edilendigini mälim etdi

1887382
Liman Şäheri Rus Güýçlerinden Halas Edildi

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Donesk sebitinde ýerleşýän strategiýa taýdan uly ähmiýete eýe bolan Liman şäheriniň rus güýçlerinden halas edilendigini mälim etdi.

Zelenskiý, sosial mediadan beren habarnamasynda ýerli wagt bilen 12.30-da Liman şäheriniň rus güýçlerinden halas edilendigini mälim etdi.

Ukrainanyň Prezidenti düýn agşam beren habarnamasynda, şäherde Ukrainanyň baýdagynyň pasyrdaýandygyny emma çaknyşyklaryň dowam edýändigini mälim etdi.

Ukrainanyň Goranmak ministrligi düýn ukrain esgerlerinin Liman şäherine girendigini mälim edipdi.

 



Degişli Habarlar