Eýranda Protestler 16-njy Gününde-de Dowam Etdi

Eýranda Mahsa Emininiň ölmeginden soň başlan protest aksiýalary 16 günden bäri dowam edýär.

1887403
Eýranda Protestler 16-njy Gününde-de Dowam Etdi

Ýurtda uniwersitetleriň derslere başlamagy bilen şenbe güni gaýtadan möwç alan aksiýalar düýn paýtagt Tähran bilen bilelikde birnäçe şäherde dowam etdi.

Tähranyň Şeriaty şaýolunda jemlenşen mähelle, hökümete garşy şygarlar aýdyp, birnäçe wagtlap ýoly ulag gatnawyna ýapdy.

Gündiz uniwersitetlerde başlan protest aksiýalaryna howpsuzlyk güýçleri çäre gördi.

Kirmanşah, Tähran, Maşat, Töwriz, Mazenderan, Kürdistan, Yspyhan, Senendeç, Şirgaz şäherlerinde we ýurduň birnäçe uniwersitetlerinde geçirilen protest aksiýalary köçeleriň hereketlenmegine sebäp boldy.

Patagt Tähranda ýerleşýän Şerif uniwersitetinde aksionerler bilen howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň arasynda dartgynlyk ýüze çykdy.

Birnäçe aksioneriň saklanandygy öňe sürülen okuw jaýynda ýaralananlaryn bardygy beýan edilýär.

Wakalar birnäçe şäherde dowam edýän bolsa, howpsuzlyk güýçleri kazyýetiň görkezmesi boýunça protest aksiýalaryna gatnaşan we “döwletiň howpsuzlygyna wehim salandygy” öňe sürülen aksionerleri saklamaga hem-de tussag etmäge başlady.

Şol çäkde talyplar, meşhur adamlar we žurnalistler bilen bilelikde 2 müňe barbar adamyň saklanandygy çaklanylýar.

13-nji sentýabrda Tähranda “ahlak polisi” hökmünde bilinýän “Erşad” patrullary tarapyndan saklanandan soň ýagdaýy agyrlaşyp hassahana getirilen 22 ýaşly Mahsa Emininiň 16-njy sentýabrda aradan çykmagy ýurtda uly garşylyk döredipdi.

Eminiň 17-nji sentýabrda jaýlanmagyndan soň başlan protest aksiýalary birnäçe şäherde dowam etdi.

Eýranyň döwlet teleýaýlymy protest aksiýalarynda howpsuzlyk gullukçylary bilen bilelikde 41 adamyň ýogalandygyny habar beripdi.



Degişli Habarlar