Şwesiýa Türkiýä Ýarag Eksporty Boýunça Goýan Embargosyny Bes Etdi

Şwesiýanyň Döwlet ýarag eksportuna gözegçilik departamenti Türkiýä ýarag eksportuny bes edendigini habar berdi.

1886986
Şwesiýa Türkiýä Ýarag Eksporty Boýunça Goýan Embargosyny Bes Etdi

Departamentiň beýanatynda Türkiýä gaýtadan eksporta rugsat bermek hakyndaky kararyň Şwesiýanyň Türkiýäniň ýaranlaryndan biri bolan NATO agzalyk ýüztutmasy sebäpli kabul edilendigi nygtalýar.

Beýannamada harby ýaraglaryň we enjamlaryň ýany bilen elektronik hem-de tehnologik enjamlar üçin hem kararyň güýjüni saklaýandygy mälim edildi.

 Şwesiýanyň Döwlet ýarag eksportuna gözegçilik departamentiniň Başlygy Karl Ewerssson Şwesiýanyň NATO agzalyk ýüztutmasy boýunça Türkiýe bilen dowam edýän gepleşikler hakynda “Expressen” gazetine 29-njy maýda beýanat beripdi.

Şwesiýanyň goranyş komissiýasynyň talap edýän şertlerinde ýarag eksportuny amala aşyrýandyklaryny nygtan Ewertsson; “Türkiýe häzirki wagtda biziň ýaraglarymyza zerurlygy ýok. Bizden ýarag almaýarlar. Goranyş komissiýasyndan gelýän düzgünnama görä seljerýäris. Türkiýä şu günli şertlerde ýarag satyp bileris” diýipdi.

Ewertsson Şwesiýanyň önümi bolan “AT-4” kysymly ýaraglaryň ekstremist terror guramasy PKK-nyň eline nähili geçendigi hakyndaky soraga bolsa; “Biz ol ýaraglary guramalara eksport etmeýäris. Ol, adybir ýaraglaryň ABŞ-nyň lisenziýasy bilen öndürlmegi we olaryň üçünji ýurtlara ugradylmagyna rugsat berilmegi bilen bagly şertlere üns bermezligimizden gelip çykýandyr” diýip, jogap beripdi.

Şwesiýanyň Döwlet ýarag eksportuna gözegçilik departamenti 2019-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkiýä ýarag satuwyny gadagan edipdi.



Degişli Habarlar