Russiýanyň Raýatlary Gurziýa Köpçülikleýin Göçmäge Dowam Edýär

Russiýanyň raýatlarynyň  21-nji sentýabrda ýurtlarda doly däl mobilizlenme yglan edilmeginden bäri serhet goňşusy Gruziýa köpçülikleýin göçi gije-gündiz dowam edýär.

1886917
Russiýanyň Raýatlary Gurziýa Köpçülikleýin Göçmäge Dowam Edýär
rus vatandaslari gurcistan1.jpg
rus vatandaslari gurcistan.jpg

Esaanda Russiýanyň Demirgazyk Osetiýadaky Wladikawkaz şäheri bilen Gruziýa serhediniň arasynda emele gelen ulag gatnawynyň dykylmagy sebäpli uzağa çekýän ýolagçylykdan soň Gruziýa geçýän käbir rus raýatlary meýletinlriň Kazbegi serhet geçelgesinde döreden ynsanperwer kömek nokadynda nahar, çaý we kofe almak üçin uzyn nobata durýarlar.

Russiýadan Gruziýa geçenlerin esasy böleginiň ulaglarynda köp sanly ýük we öý goşlaryny daşamaklary ünsleri çekýär.

Golaýda Gruziýa pyýada gelenlerin sanynyn soňky bir günde iňňän azalandygy, rus raýatlarynyň esasan hususy ulaglar, minibuslar we awtobuslar bilen gidýändigi görülýär.

Gruziýanyň Içeri işler ministrligi 23-27-nji sentýabryň aralyğynda 78,742 rus raýatynyň ýurda gelendigini habar beripdi.

Içeri işler ministri Wahtang Gomelauri soňky bir hepdede Russiýadan Gruziýa gelen rus raýatlarynyň sanynyň 40-45 göterim artandygyny beýan edipdi.



Degişli Habarlar