Bolgariýada Su-25 kysymly uçar ýere gaçdy

Rus önümi bolan köne uçarlary ulanýan Bolgariýanyň Harby-howa güýçleri Russiýanyň 24-nji fewralda Ukraina garşy başladan söweşi sebäpli uçarlaryň abatlaýyş işleri boýunça kynçylyklar başyndan geçirýär

1886025
Bolgariýada Su-25 kysymly uçar ýere gaçdy

Bolgariýanyň Harby-howa güýçlerine degişli Su-25 kysymly harby uçar, ýurduň gündogarynda gonjak mahaly ýere gaçmagy netijesinde heläkçilige uçrady, wakada uçaryň uçarmany halas bolmagy başardy. 

Bolgariýanyň Respublikan Baş Prokurorlygynyň metbugat sekretary Siýka Milewa, Su-25 kysymly harby uçaryň ýurduň gündogaryndaky Bazmer howa bazasynyň golaýynda tälim uçuşyny ýerine ýetireninden soň, gonjak mahaly ýere gaçandygyny mälim etdi. 

Milewa uçar pajygasynda uçaryň uçarmanynyň halas bolmagy başarandygyny we hassahana ýatyrylandygyny habar berdi. 

Uçaryň dolulygyna ýanandygyny aýdan Milewa, uçaryň näme sebäpli ýere gaçandygynyň derňelýändigini beýan etdi. 

Bolgariýanyň Harby-howa güýçleriniň düzüminde bolan 8 sany Su-25 kysymly uçarlaryň ählisi 2021-nji ýylda Belarussiýada abatlanypdy. 

Rus önümi bolan köne uçarlary ulanýan Bolgariýanyň Harby-howa güýçleri Russiýanyň 24-nji fewralda Ukraina garşy başladan söweşi sebäpli uçarlaryň abatlaýyş işleri boýunça kynçylyklar başyndan geçirýär. 

2021-nji ýylda Bolgariýanyň Harby-howa güýçleri şol uçarlar bilen baglanşykly 43 aýry mesele başyndan geçiripdi. 



Degişli Habarlar