Şwesiýanyň wekiliýeti Türkiyä sapar gurar

Şwesiýanyň wekiliýeti öňümizdäki hepde NATO gepleşikleri üçin Türkiyä sapar gurar

1885745
Şwesiýanyň wekiliýeti Türkiyä sapar gurar

Şwesiýanyň Daşary işler ministri Ann Linde, ýurdunyň resmi habarlar agentligi TT-e beren beýanatynda, Türkiye bilen geçirilýän gepleşikleriň oňaýly ýagdaýda dowam edýändigini habar berdi. 

Türkiýäniň Şwesiýanyň NATO agzalygyny kabul etmegine garaşýandyklaryny aýdan Ann Linde: "Türkiýäniň NATO agzalygymyzy haçan kabul etjekdigini bilmeýärin. Geçen hepde ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilen BMG-nyň maslahatynda, türk kärdeşim Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşyk geçirdim. Gepleşikleri gözden geçirdik, ähli zat gowy. Biz ylalaşygyň düzgünlerini berjaý edýäris" diýip mälim etdi. 

Türkiye, Finlýandiýa we Şwesiýa tarapyndan Ispaniýada geçirilen NATO Madrid sammitiniň çäginde 28-nji iýunda Üçtaraplaýyn memoranduma gol çekilipdi. Memorandumyň çäginde döredilen Hemişelik umumy mehanizm maslahatynyň ilkinjisi 26-njy awgustda Finlýandiýanyň Wantaa şäherinde geçirilipdi. 

Düýn Türkiýäniň Adalat ministri Bekir Bozdag Şwesiýa we Finlýandiýa NATO memorandumynyň çäginde Fetullahçy terror guramasy we ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylary Türkiyä gaýtaryp bermekleri barada çagyryş beripdiler. 

Bekir Bozdag: "Biz Şwesiýanyň resmilerinden PKK, FETÖ, DHKP-J agza terrorçylar başda bolmak bilen ähli terrorçylaryň yzyna gaýtarylyp berilmegi bilen bagly karar bermeklerine garaşýarys" diýip belläpdi. 



Degişli Habarlar