“Putinden Ýadro Ritorikasyny Gaýtadan Görsek, Oňa Çynlakaý Çemeleşmeli Bolarys”

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg; “Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putinden ýadro ritorikasyny gaýtadan görsek, oňa çynlakaý çemeleşmeli bolaryş” diýdi.

1885492
“Putinden Ýadro Ritorikasyny Gaýtadan Görsek, Oňa Çynlakaý Çemeleşmeli Bolarys”

Ýens Stoltenberg Ýewropa Parlamentinde Sosialist we Demokratlar toparynyň maslahatyna gatnaşyp, çykyş etdi.

NATO-nyň Ukrainadaky söweş boýunja iki borjunyň bardygyny beýan eden Stoltenberg, birinin Ukrainany goldamak, beýlekisiniň bolsa çaknyşyklaryň möwjemeginiň öňüni almakdygyny beýan etdi.

Stoltenberg Russiýanyň “galp referendumlar, ýadro mekirlik, ýaragly güýçleriň herekete geçirilmeği” ýaly göçümler bilen soňky günlerde çaknyşygy güýçlendirendigini nygtap; “Biz haýsydyr bir ýadro ýaragynyň ulanylmagynyň kabuledilmesizdigini nygtaýarys. Ol, çaknyşygyň şertlerini dolulygyna üýtgeder. Russiýa ýadro söweşde üstün çykylmajakdygyny we asla söweşilmeli däldigini bilmelidir” diýdi.

NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg; “Putinden şeýle ýadro ritorikany gaýtadan görsek, oňa çynlakaý çemeleşmeli bolaryş. Şol sebäpli onuň Russiýa üçin agyr netijelerinin boljakdygyny we ýadro urşuna asla baş goşulmaly däldigini aç-açan býan edýäris. Soň, elbetde başga bir dartgynlyk ýüze çykar. Ol Ukrainadan başga dartgynlyk bolar. Häzirki wagtda Ukrainada dowam edýän söweş erbet we ukrain halky üçin tragediýa elbetde, emma NATO bilen Russiýanyň arasynda uly göwrümli söweş hasam erbet bolar” diýdi.



Degişli Habarlar