Pentagon Türkiyä we Gresiýa çagyryş berdi

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagonyň metbugat sekretary Patrik Raýder, Türkiyä we Gresiýa dialog çagyryşyny berdi

1885477
Pentagon Türkiyä we Gresiýa çagyryş berdi

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagonyň metbugat sekretary Patrik Raýder, gündelik metbugat ýygnagynda güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi. 

"Türkiýe Egeý deňizinde harby bolmadyk statusa eýe iki aýry ada ABŞ önümi bolan sowutly ulaglar ýerleşdirendigi üçin Gresiýa we ABŞ protest notasyny berdi. Siziň sebitde türgenleşigiňiz ýa-da tälimiňiz barmy? Türkiýäniň protestine näme jogap berersiňiz?" soragyna Patrik Raýder: "Ol ýerde ABŞ tarapyndan geçirilýän hiç hili türgenleşikden habarym ýok" jogabyny berdi.

Raýder: "Türkiye we Gresiýa NATO-daky iki möhüm hyzmatdaşymyz we olara potansial dartgynlyklary azaltmak üçin konstruktiw bir dialog geçirmekleri barada çagyryş berýäris" diýip belledi. 

"Ankaranyň sebitdäki dartgynlygy öjükdirýändigi we dartgynlyga goşant goşýandygy babatynda ABŞ-na garşy tankydy bellikleri bar. Şol tankydy belliklere goşulýarsyňyzmy ýa-da jogabyňyz näme bolar?" soragyna Raýder: "Ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz taýdan Türkiye örän möhüm NATO hyzmatdaşymyzdyr. Türkiye bilen birlikde NATO-daky hyzmatdaşlarymyz bilen ýakyndan iş salyşmaga dowam ederis" diýip jogap berdi. 


Etiketkalar: #Pentagon , #Gresiýa , #NATO , #Türkiye

Degişli Habarlar