Hytaýda restoranda ýüze çykan ýangynda köp sanda adam ýogaldy

Hytaýda restoranlaryň birinde bolan ýangynda ilkinji kesgitlemelere görä 17 adam ýogaldy, 3 adam ýaralandy

1885765
Hytaýda restoranda ýüze çykan ýangynda köp sanda adam ýogaldy

Hytaýyň demirgazyk-gündogaryndaky Jilin ştatynyň Çangçun şäherindäki senagat zolagynda ýerleşýän restoranda ýerli wagt bilen sagat 12:40-da ýangyn başlady. 

Wakanyň bolan ýerine ýangyn söndüriji we tiz kömek toparlary gönükdirildi. Ýangyn söndürijiler ýangyny söndürmek üçin uly tagalla etdiler. 

Wakada ilkinji kesgitlemelere görä 17 adamyň ýogalandygy, 3 adamyň bolsa ýaralanandygy aýan edildi. 

Ýaralanan adamlar tiz wagtda hassahana alynyp gidildi, restoranyň jogapkäriniň göz tussaglygyna alynandygy, ýangynyň näme sebäpli başlandygynyň anyklanmagy üçin derňew işiniň geçirilýändigi habar berildi. 


Etiketkalar: #ýangyn , #restoran , #Hytaý

Degişli Habarlar