Germaniýanyň DIM Eýrana Sanksiýa Goýulmagyny Isledi

Berbok “Bir ýurtda zenanlar howpsuz däl bolsa, hiç kim howpsuz däldir” diýdi.

1884934
Germaniýanyň DIM Eýrana Sanksiýa Goýulmagyny Isledi

 

Germaniýanyň Daşary işler ministri Annalena Berbok Eýranda Mahsa Emininiň “çadyra dakynmagyň düzgünlerini berjaý etmändigi” sebäpli saklanandan soň ölmegi sebäpli başlan protest aksiýalaryny basyp ýatyrmak üçin güýç ulanandygy zerarly sanksiýa goýulmagyny isledi.

Annalena Berbok nemes habarlar gullugy “DPA” beren beýanatynda Eýranda parahatçylykly protest aksiýalaryny ölüm howply güýç bilen basyp ýatyrma synanşygynyň jogapsyz galmaly däldigini aýtdy.

ÝB-de bu meselede gyssagly maslahat geçirilmegini talap eden Berbok; “Meniň üçin muňa, jogapkärlere garşy sanksiýalaram degişlidir” diýdi.

Berbok jemgyýetiň ýagdaýy boýunça zenan hukuklarynyň esasy görkezijidigini nygtap; “Bir ýurtda zenanlar howpsuz däl bolsa, hiç kim howpsuz däldir” diýdi.

Germaniýanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Kristian Wagner Berlinde geçirilen metbugat ýygnagynda Eýranyň Germaniýadaky Ilçisiniň ministrligine çagyrylandygyny beýan etdi.

13-nji sentýabrda Tähranda “ahlak polisi” hökmünde bilinýän “Irşad” patrullary tarapyndan saklanandan soň reanimasiýa getirilen Emininiň 16-njy sentýabrda aradan çykmagy ýurtda uly nägilelik döredipdi.



Degişli Habarlar