Ukrainanyň Prezidenti ABŞ-dan Tank Sorady
Wladimir Zelenskiý JBS Nýus kanalyna 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Ukraina-Russiýa söweşi hakynda beýanat berdi.
Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý JBS Nýus kanalyna 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Ukraina-Russiýa söweşi hakynda beýanat berdi.
Ukraina berýän goldawlary üçin ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdene we Amerikan kongresine sagbolsun aýdan Zelenskiý raketa goranyş ulgamy “NASAMSY” kabul edip aldyk. Bular howa goranyş ulgamlary” diýdi.
Bu ulgamlaryň mekdepler, hassahanalar ýaly infstrukturalary rus hüjümlerinden goramak üçin ýeterlik bolmandygyna ünsi çeken Wladimir Zelenskiý, ukrainalylaryň öýlerine dolanmaklary üçin degişli howpsyzlygy üpjün etmäge we maliýe kömegini bermäge mejburdyklaryny nygtady.
ABŞ-dan tank soran Zelenskit, “ABŞ liderlik edip bize tank berse yzy ýanyndan Germaniýa we beýleki Ýewropa ýurtlary hem şol tutumy dowam etdirer. ABŞ-dan tank alsak, Ýewropaly hyzmatdaşlarymyzyň hem bize Ukrainanyň şäherlerini tanklar bilen basyp alyşlykdan halas etmek üçin kömek etjekdikleri barada pikir edýärin” diýdi.
Ukrainanyň lideri, Russiýanyň ýurdunyň käbir sebitlerinde geçiren ähli halk sese goýulşygyna ünsi çekip, “Bular Putiniň bu söweşi dowam etdirjekdigini görkezýän howply ýüzlenmeler” diýdi.
Degişli Habarlar
Han Kang Nobel Edebiýat Baýragyny Aldy
Günorta Koreýaly ýazyjy Han Kang 2024 Nobel edebiýat baýragynyň eýesi boldy.