Russiýada mekdebe guralan hüjümde ýogalan adamlaryň sany artdy

Russiýanyň Udmurtiýa Awtonomiýasynyň Ižewsk şäherinde mekdepleriň birinde şahsyýeti entek anyklanmadyk adam tarapyndan guralan ýaragly hüjümde ýogalanlaryň sany 13 adama ýetdi

1884589
Russiýada mekdebe guralan hüjümde ýogalan adamlaryň sany artdy

Russiýanyň Derňew komitetinden berilen beýanatda, Russiýanyň Udmurtiýa Respublikasynyň Ižewsk şäherindäki 88-nji mekdepde şahsyýeti entek anyklanmadyk adam tarapyndan guralan hüjümde ýogalanlaryň sanynyň 13 adama ýetendigi, ýogalanlaryň 7-siniň çagalardan ybaratdygy mälim edildi. 

14-i çaga jemi 21 adamyň hem ýaralanandygy bellenen beýanatda, hüjümçiniň öz janyna kast edendigi aýan edildi. 

Beýanatda: "Hüjümçiniň ýanynda 2 sapança bilen köp sanda ok-däri bardy" diýip habar berildi. 

Russiýanyň Udmurtiýa Respublikasynda 29-njy sentýabra çenli ýas yglan edilendigi beýan edildi. 

Russiýanyň Udmurtiýa Awtonomiýasynyň Ižewsk şäherindäki 88-nji mekdepde şahsyýeti entek anyklanmadyk adam tarapyndan ýaragly hüjüm guraldy. 

Wakanyň bolan ýerine howpsuzlyk güýçleri gönükdirildi, okuwçylar we mugallymlar mekdepden çykaryldy. 



Degişli Habarlar