Pakistanda Sil Apaty Sebäpli Ýogalanlaryň Sany 1638 Adama Ýetdi

Apat sebäpli 824 müň 169 öý dolulygyna ýykyldy.

1884547
Pakistanda Sil Apaty Sebäpli Ýogalanlaryň Sany 1638 Adama Ýetdi

Pakistanda 14-nji iýundan bäri dowam edýän muson ýagyşlary bilen gelen sil apatynda ýogalanlaryň sany 1638 adama ýetdi.

Pakistanyň Milli Adatdan daşary ýagdaýlar dolanşygynyň görkezijilerine görä, ýagyşlar sebäpli 588-i çaga, 332-si zenan jemi 1638 adam ýogaldy, 12 müň 865 adam hem ýaralandy.

Apat sebäpli 2 million 49 müň 482 öýe zeper ýetirildi, şolardan 824 müň 169 öý dolulygyna ýykyldy.

13 müň 74 kilometrlik ýol bilen 392 köprü ýer bilen ýegsan boldy.

Ýagyşlar 33,4 million adama uly zeper ýetirdi.

 



Degişli Habarlar