Eýrandaky protestlerde 20 ýaşly zenan ýogaldy

Sosial mediada berilen habarlara görä, gyz jigisi Hedis Nejefiniň ýogalandygyny tassyklady

1884585
Eýrandaky protestlerde 20 ýaşly zenan ýogaldy

Eýranda Mahsa Emininiň başatgyç düzgünlerini bozandygy sebäpli göz tussaglygyna alynmagyndan we birnäçe wagt soň ýogalmagyndan soň başlan protestler dowam etmek bilen birlikde, ýurduň Kereç şäherinde Hedis Nejefi atly zenan howpsuzlyk güýçleriniň od açmagy netijesinde ýogaldy. 

Oppozisionerlere degişli IranWire habar saýtynyň berýän habaryna görä, 21-nji sentýabrda geçen protestlerde Kereç etrabynda howpsuzlyk güýçleriniň od açmagy netijesinde bedeniniň biri-birinden tapawutly ýerlerinden ýaralanan 20 ýaşyndaky Hedis Nejefi atly zenan, hassahana alynyp gidileninden soň ýogaldy. 

Sosial mediada berilen habarlara görä, gyz jigisi Hedis Nejefiniň ýogalandygyny tassyklady. 

Eýranyň paýtagty Tähran şäherinde 13-nji sentýabrda ahlak polisiýasy diýip bilinýän Irşad patrullary tarapyndan göz tussaglygyna alynanyndan soň, hassahana ýatyrylan Mahsa Emininiň 16-njy sentýabrda ýogalmagy ýurtda protestleriň başlamagyna sebäp bolupdy. 

Mahsa Emininiň 17-nji sentýabrda dogduk ýeri Sakkyz şäherinde geçirilen jynaza çäresinden soň başlan protestler, gysga wagtyň içinde ýurduň ençeme şäherine ýaýrapdy. 


Etiketkalar: #zenan , #protest , #Eýran

Degişli Habarlar