Norwegiýa, Russiýa Bilen Baglaşylan Wiza Ýeňilligi Şertnamasyny Saklady

Wiza ýeňilligi şertnamasy, Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda 24-nji fewraldan bäri dowam edýän söweş sebäpli saklandy.

1883742
Norwegiýa, Russiýa Bilen Baglaşylan Wiza Ýeňilligi Şertnamasyny Saklady

Norwegiýa, 2007-nji ýylda Russiýa bilen baglaşan wiza ýeňilligi şertnamasyny, Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda 24-nji fewraldan bäri dowam edýän söweş sebäpli saklady.

Norwegiýa tarapyndan berlen beýannamada, “Norwegiýanyň Russiýa bilen wiza ýeňilliginiň döredilmegi üçin baglaşan şertnamasy 2022-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda wagtlaýyn saklandy” diýildi.

Beýannamada, ýurtda ýaşamak rugsady bolan ruslaryň bolsa ýurtlaryna yzyna ugradylmajakdygy bellenildi.

Şertnama, ruslaryň Norwegiýa gelmegi üçin wiza ýeňilliginiň döredilmegini we 5 ýyllyk wizanyň berilmegini öz içine alýardy.

Beýannamada wiza üçin ýüz tutan ruslaryň 45 güne çenli garaşjakdygy we wiza töleginiň 35 dollardan 80 dollara çykarlandygy ýatladyldy.

 

 

 



Degişli Habarlar