Ukrainanyň 4 aýry sebitinde referendum geçirilýär

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň netijelerini goldajakdyklaryny beýan eden referendum 27-nji sentýabra çenli dowam eder

1883577
Ukrainanyň 4 aýry sebitinde referendum geçirilýär

Ukrainanyň gündogarynda separatist toparlaryň gözegçiligindäki Donetsk we Lugansk Halk Respublikalary bilen Zaparožýe we Herson sebitlerinde Russiýa birikmek üçin meýilleşdirilen referendum başlady. 

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň netijelerini goldajakdyklaryny beýan eden referendum 27-nji sentýabra çenli dowam eder. 

Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba referendum kararyna reaksiýa bildirip: "Galp referendum hiç zady üýtgedip bilmez" diýip nygtady. 

Türkiyäniň Daşary işler ministrligi hem: "Ukrainanyň Russiýanyň gözegçiligi astyndaky käbir sebitlerde birtaraplaýyn häsýetde referendum geçirilmegi ugrundaky hereketlere alada bildirýäris" diýip habar beripdi. 

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bolsa referendumyň BMG-nyň ylalaşygynyň uly düzgün bozmasydygyny beýan etdi. 

Referndumyň netijesinde Russiýanyň ady agzalan sebitleri anneksiýa etmegine garaşylýar. Rus resmiler bolsa referendumdan soň Russiýanyň territoriýasy hökmünde kabul ediljek sebitleriň goralmagy üçin strategik ýadro ýaraglary hem ulanyp biljekdikleri barada duýduryş berýärler. 


Etiketkalar: #referendum , #Russiýa , #Ukraina

Degişli Habarlar