Ukraina Russiýa bilen amala aşyrylan zamun çalşygy barada beýannama berdi

Ukrainanyň Prezident ofisinde Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň alyp barýan diplomatiýasynyň netijesinde Ukrain tarapyna 215 harby zamunyň yzyna gaýtarylyp berilmegi bilen bagly metbugat ýygnagy geçirildi

1883654
Ukraina Russiýa bilen amala aşyrylan zamun çalşygy barada beýannama berdi

Ukrainanyň Prezident ofisiniň başlygy Andriý Ýermak, Türkiýäniň araçylyk etmeginde Russiýa bilen amala aşyrylan zamun çalşygy tapgyrynda Ukraina tarapynyň Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen dowamly häsýetde aragatnaşyk içinde bolmagynyň, örän möhümdigini beýan etdi. 

Ukrainanyň Prezident ofisinde Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň alyp barýan diplomatiýasynyň netijesinde Ukrain tarapyna 215 harby zamunyň yzyna gaýtarylyp berilmegi bilen bagly metbugat ýygnagy geçirildi. 

Ukrainanyň döwlet edaralarynyň günüň 24 sagady halkara hyzmatdaşlary bilen zamun çalşygy operasiýasy üçin tagalla edýändigini aýdan Ýermak: "Türk tarapy başda bolmak bilen düzüminde hyzmatdaşlarymyz bolan halkara hereketlerimiz, Prezident Erdogan bilen dowamly aragatnaşykda bolmagymyz örän möhüm" diýip nygtady. 

Zamun çalşygy operasiýasynda Türkiýäniň bu tapgyra beren goldawyny aýratyn belläp geçen Ýermak: "Türkiye düýn hem möhüm rol eýeledi, zamun çalşygynyň soňky bölegi gönüden Ankarada amala aşyryldy" diýip habar berdi. 

Ýermak zamun çalşygy tapgyrynyň üstünlikli ýagdaýda tamamlanmagy üçin türk we ukrainaly ýokary derejeli resmileriň dowamly häsýetde aragatnaşyk içindediklerini, mundan başgada Prezident Erdogan bilen Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiýniň telefon arkaly özara söhbetdeş bolandyklaryny ýatladyp: "Prezident Erdogan 2 gün ozal Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy, olar şahsy gepleşikler bilen şahsy kepilliklerdir we zamun çalşygynda Prezident Erdoganyň şahsy barlygy we ähli zatdan ozal raýatlarymyza Türkiýedäki howpsuzlyklary üçin kepillikler berendigini bu ýerde nygtap geçmek isleýärin" diýip mälim etdi. 


Etiketkalar: #zamun , #Türkiye , #Russiýa , #Ukraina

Degişli Habarlar