Russiýa Ukrainanyň käbir sebitlerinde geçirilýän referendumyň üstünde durup geçdi

Russiýanyň hökümediniň Metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow Ukrainanyň käbir sebitlerinde geçirilýän referendumyň üstünde durup geçdi

1883860
Russiýa Ukrainanyň käbir sebitlerinde geçirilýän referendumyň üstünde durup geçdi

Russiýanyň hökümediniň Metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, Ukrainanyň gündogarynda Russiýanyň tarapdary bolan separatist toparlaryň gözegçiliginde bolan Donetsk Halk Respublikasynda we Lugansk Halk Respublikasynda, Zaparožýe we Herson sebitlerinde Russiýa bilen birleşmek üçin geçirilýän referendumyň üstünde durup geçdi. 

Referendumyň Russiýa bilen birleşmek karary bilen netijelenen halatynda ady agzalan sebitleriň goraljakdygyny aýdan Dmitriý Peskow, Ukrainanyň sebitleri ýaňadandan ele geçirmek üçin etjek ädimleriniň Russiýa guralan hüjüm hökmünde häsýetlendiriljekdigini mälim etdi.

Dmitriý Peskow, referendumyň netijelerine görä sebitleriň Russiýa bilen birleşmekleri bilen bagly tapgyrlaryň, dolandyryş derejesinde tiz wagtda amala aşyryljakdygyny belläp: "Şol tapgyryň tiz wagtda amala aşyryljakdygyna ynanýaryn" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar