“Demirgazyk Koreýa Russiýa Ýarag Eksport Etmedi”

“Demirgazyk Koreýanyň Russiýa ýarag berendigi hakyndaky beýannama asylsyz"

1883312
“Demirgazyk Koreýa Russiýa Ýarag Eksport Etmedi”

Demirgazyk Koreýa, Russiýa ýarag eksport edendigi hakyndaky garaýyşlaryň asylsyzdygyny mälim etdi.

Demirgazyk Koreýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen habarda, Russiýa hiç hili ýaragyň eksport edilmändigi we eksport edilmegi barada hiç hili meýilnamanyň ýokdygy nygtaldy.

Habarda, Amerikan hökümeti tarapyndan berlen “Demirgazyk Koreýanyň Russiýa ýarag berendigi” hakyndaky beýannamanyň asylsyzdygy bellenildi.

ABŞ-nyň Demirgazyk Koreýanyň mertebesine zeper ýetirmäge çalyşýandygy nygtalan habarda “Russiýa ozal hiç hili ýarag we harby enjam eksport etmedik we eksport etmek ýaly niýetimiz hem ýok” diýildi.

Ak Tamyň metbugat sekretarlaryndan Jon Kirbi, 7-nji sentýabrda Russiýanyň Demirgazyk Koreýadan millionlarça raketa alandygyny, emma şol ýaraglaryň frontda ulanylyp ulanylmandygy barada heniz hiç hili maglumatlarynyň ýokdygyny aýdypdy.

 

 



Degişli Habarlar