“Ýesir Çalşygy Üçin Türkiýä Minnetdarlyk Bildirýäris”

“Galla ylalaşygy bilen birlidke Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky ýesir çalşygyna töwellaçylyk eden türk hökümetine minnetdarlyk bildirýärin”

1883121
“Ýesir Çalşygy Üçin Türkiýä Minnetdarlyk Bildirýäris”

Prezident R. T. Erdogan, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin we Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen geçiren gepleşikleri netijesinde iki ýurduň arasynda 200 ýesiriň şu gün çalşylandygyny aýtdy.

Prezident Erdogan, Nýu-Ýorkdaky Türköýünde ABŞ-na guran iş sapary hakynda metbugata beren beýannamasynda, Türkiýäniň töwellaçylygynda Russiýanyň we Ukrainanyň ýesirlerini çalyşmagynyň iki ýurduň arasynda 24-nji fewralda başlan söweşiň bes edilmegi taýdan diýseň möhümdigini nygtap, parahatçylygyň üpjün edilmegi baradaky tagallalarynyň dowam edýändigini belledi.

Ýesir çalşygy üçin Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Putine we Ukrainanyň Prezidenti Zelenskä minnetdarlyk bildiren Erdogan “Bu etapda uly rol oýnan ähli dostlarymyza hem sagbolsun aýdýaryn” diýdi.

Beýleki tarapdan Ak Tamyň Milli howpsyzlyk boýunça kömekçisi Jeýk Salliwan, Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky ýesir çalşygyna töwellaçylyk edendigi üçin Türkiýä sagbolsun aýtdy.

Salliwan Twitterden beren habarnamasynda, “Galla ylalaşygy bilen birlidke Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky ýesir çalşygyna töwellaçylyk eden türk hökümetine minnetdarlyk bildirýärin” diýdi.


Etiketkalar: #Ukraina , #Russiýa , #çalşyk , #ýesir

Degişli Habarlar