“Putine Basyş Edilmeli”

Makron, BMG-da geçirlen ýadro howpsyzlygy maslahatynyň öňüsyrasynda metbugata beýannama berdi.

1883020
“Putine Basyş Edilmeli”

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, halkara jemgyýetçiligine, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putine basyş edilmegi üçin çagyryş berdi.

Makron, BMG-da geçirlen ýadro howpsyzlygy maslahatynyň öňüsyrasynda metbugata beýannama berdi.

Makron “Elbetde Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň bölekleýin mobilizlenme yglan etmegine we ýurdunyň ýaşlarynyň söweşe gitmegine sebäp bolmagyna alada bildirýärin” diýdi.

Makron, 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Ukraina-Russiýa söweşi bilen arabaglanşykly Hindistandan soň Hytaýyň hem çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin çagyryş berendigini ýatladyp “Russiýa ýalňyzlaşýar” diýdi.

“Indi hiç kim Russiýanyň alyp barýan syýasatyna göz ýetirip bilmeýär” diýen Makron, söweşiň bes edilmegi üçin Putine basyp edilmegi barada halkara jemgyýetçiligine çagyryş berdi.

“Putin, söweşiň depgininiň artdyrylmagyna karar berdi” diýen Makron, munyň Russiýa, rus halky we rus ýaşlary üçin gynandyryjy habardygyna ünsi çekdi.

 



Degişli Habarlar