Eýrandaky protestler dowam edýär

Ençeme ýerde protestçiler bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda berk çaknyşyklar başdan geçirildi

1883370
Eýrandaky protestler dowam edýär

Eýranda 22 ýaşyndaky Mahsa Emini atly zenanyň başatgyç düzgünlerini berjaý etmedigi sebäpli göz tussaglygyndan alynmagyndan we birnäçe wagt soň ýogalmagyndan soň başlan protestler eýýäm 6 gün bäri dowam etmek bilen birlikde, ýurduň käbir şäherlerinde protestçiler polisiýa gullugynyň ulaglaryny we tiz kömek ulaglaryny ýakdylar. 

Paýtagt Tähran şäherinde 13-nji sentýabrda "Ahlak polisiýasy" diýip tanalýan Irşad patrullary tarapyndan göz tussaglygyna alynmagyndan soň, koma düşmegi sebäpli hassahana ýatyrylan Mahsa Emininiň 16-njy sentýabrda ýogalmagy bilen başlan protestler, sosial mediada paýlaşylan wideolara görä ýurduň ençeme welaýatyna, etrabyna we şäherçesine ýaýrady. 

Häzirki wagta çenli Tähran, Senendek, Keres, Töwriz, Maşad, Kiş, Kirman, Ýezd, Reşt, Bender Abbas, Abadan, Kirmanşah, Erdebil, Yspyhan, Urmiýe, Kazwin, Zinjan, Ilam, Mazendaran, Hemeden başda bolmak bilen ülkäniň ençeme şäherinde protestler geçirilýär. 

Ençeme ýerde protestçiler bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda berk çaknyşyklar başdan geçirildi. 

Sosial mediada paýlaşylan wideo görä, düýn gije Demirgazyk Horasan welaýatynyň Bujnurd etrabyndaky polisiýa merkezine hüjüm eden protestçiler, merkezi ýakdylar. 

Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat geňeşçisi Pedram Pakaýin, ýurtda bolan wakalarda häzirki wagta çenli 61 tiz kömek ulagynyň protestçiler tarapyndan ýakylandygyny we zeper ýetirilendigini beýan etdi. 

Protestlerde ýogalan, ýaralanan we tussag edilen adamlaryň sany barada çürk-kesik maglumat berilmesede, resmileriň tapawutly wagtlarda beren beýanatlaryna görä, häzirki güne çenli 2-si howpsuzlyk güýjünden bolmak bilen azyndan 9 adam protestlerde ýogaldy. 

Eýranly resmiler Maşad, Töwriz we Kazwin şäherlerindäki protestlerde Besij toparynyň 3 agzasynyň protestçiler tarapyndan öldürilendigini aýan etdiler. 

Mahsa Emininiň 17-nji sentýabrda dogduk şäheri Sakkyz şäherinde geçirilen jynaza çäresinden soň, paýtagt Tähran we ýurduň günbataryndaky beýleki şäherlerde protestler başlapdy. 


Etiketkalar: #protest , #Eýran

Degişli Habarlar