Nigeriýada Sil Apaty Sebäpli 100 Müňden Gowrak Adam Öýsüz Galdy

Nigeriýada sil sebäpli 400-den gowrak adam ýogalypdy.

1882225
Nigeriýada Sil Apaty Sebäpli 100 Müňden Gowrak Adam Öýsüz Galdy

Nigeriýada aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen sil apaty sebäpli 100 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi

Nigeriýanyň Tebigy apatlara garşy göreş gullugynyň başlygy Mustapha Habib, metbugata beren beýannamasynda, ýurtdaky sil apaty sebäpli birnäçe sebitde halkyň agyr günleri başdan geçirýändigini nygtady.

Habib, aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen sil sebäpli paýtagt Abuža bilen birlikde 29 sebitde 100 müňden gowrak adamyň öýsüz galandygyny ýatlatdy.

Sil sebäpli 500-den gowrak adamyň ýaralanandygyny aýdan Habib, tebigy apatyň 500 müňden gowrak adama uly zeper ýetirendigini belledi.

Habib sil sebäpli öýleri ýykylanlaryň bir böleginiň mekdeplere we çadyrlara ornaşdyrlandygyny belledi.

Halka ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi üçin işe girişendiklerini aýdan Habib, sil sebäpli ýokanç kesel howpynyň artýandygyna ünsi çekdi.

Nigeriýada sil sebäpli 400-den gowrak adam ýogalypdy.

53 million adamyň hem sil howpuna sezewardygy bellenildi.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar