Mihail Podolýak ruslaryň bölekleýin mobilizlenme karary barada beýannama berdi

Ukrainanyň Prezident ofisiniň maslahatçysy Mihail Podolýak: "Ukrainany ýok etmek isleýän ruslar mobilizlenme, serhetleriň ýapylmagy we bank hasaplarynyň blokirlenmegini gazandy" diýip nygtady

1882809
Mihail Podolýak ruslaryň bölekleýin mobilizlenme karary barada beýannama berdi

Ukrainanyň Prezident ofisiniň maslahatçysy Mihail Podolýak Twitter hasabyndan beren beýannamasynda: "Üç günlük söweşiň 210-njy güni. Ukrainany ýok etmek isleýän ruslar netijede şulary gazandy: 1. Mobilizlenme. 2. Ýapylan gümrükler, bank hasaplarynyň blokirlenmegi. 3. Gaçgaklaryň tussag edilmegi. 4. Hususy harby firmalaryň çäginde tussaglylardan emele getirilen birikmeler. Entegem meýilnama görä dowam edýärmi? Durmuşyň ajaýyp bir degişmesi bu" diýip belledi. 

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bölekleýin mobilizlenme yglan edendigini habar beripdi. 



Degişli Habarlar