Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 22-nji Sammiti Öz Işine Başlady

ŞHG-nyň Özbegistanyň Samarkant şäherindäki 22-nji sammitinde möhüm meselelere garalar.

1880800
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 22-nji Sammiti Öz Işine Başlady

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýer eýeçiliginde başlan sammite gurama agza Russiýanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Täjigistanyň prezidentleri bilen Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif, Hingistanyň Premýer-ministri Narendra Modi, synçy ýurtlar Belarusyň, Mongoliýanyň, Eýranyň prezidentleri bilen hormatly myhman hökmünde çagyrylan Türkiýäniň Prezidenti Erdogan, Türkmenistanyň döwlet Ýolbaşçysy Berdimuhamedow we Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew gatnaşýar.

Mirziýoýew ŞHG-na agza Russiýanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Täjigistanyň, Pakistanyň we Hindistanyň liderlrini maslahatlar merkezinde garşy aldy. Lider soň sammitden ozal bilelikde surat aldyrdylar. Agza ýurtlaryň liderleriniň gatnaşmagynda başlan maslahatda Mirziýoýew açylyş çykyşynda maslahatyň gün tertibi hakynda maglumat berdi.

Guramanyň Samarkantdaky sammitinde guramanyň işleriniň ýokarlandyrylmagy, sebitleýin söwda mukdarynyň artdyrylmagy, senagat we ulaglar pudaklarynda özara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi hem-de ýaşyl ykdysadyýet, innowasiýa, sanly ulgamlar, logistika, oba hojalyk, lukmançylyk we beýleki ugurlardaky bilelikdäki taslamalary hem-de işleri öz içine alýan 30-a golaý resminamanyň kabul edilmegi göz öňünde tutulýar.

Sammitiň ahyrynda Samarkant Jarnamasy kabul ediler.



Degişli Habarlar