Zelenskiý 400-e Golaý Ilatly Ýeriň Halas Edilendigini Habar Berdi

Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý 400-e golaý ilatly ýeriň rus güýçlerinden halas edilendigini habar berdi.

1880408
Zelenskiý 400-e Golaý Ilatly Ýeriň Halas Edilendigini Habar Berdi

Zelenskiý günlük çykyşynda Harkowa saparyny tamamlandygyny beýan etdi.

Şu gün Harkowyň tas dolulygyna ruslardan halas edilendigini nygtan Zelenskiý; “Ukrainalylar ýene-de bir gezek ençeme adamyň mümkin däl diýýän zadynyň hötdesinden geldiler. Operasiýalaryň başyndan bäri harby güýçlerimiz 19 kilometr öňe gitdi. 5 gün dowam eden çaknyşyklarda 110 kilometr ýol geçdi. Jemi 400-e golaý ilatly ýer halas edildi. Bu sebitde galan 150 müň ukrainaly adaty, howpsuz durmuşyň nähilidigini duýýarlar” diýdi.

Hem ukrainaly hem-de daşary ýurtly žurnalistleriň halas edilen ýerlere barandygyny aýdan Wladimir Zelenkiý; “Dünýä bu wagşylygy görmeli, Russiýanyň ukrainlere eden zulumyny görmeli” diýdi.



Degişli Habarlar