Kaliforniýada 11 müňden gowrak adam howpsuz ýerlere göçürildi

Pleýser we Eldorado şäherçelerine degişli ençeme ýaşaýyş ýerine ýaramaz täsir ýetiren ýangyn, 16 müň 500 gektardan gowrak tokaý zolagyny hem küle öwürdi

1878625
Kaliforniýada 11 müňden gowrak adam howpsuz ýerlere göçürildi

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Pleýser we Eldorado şäherçeleriniň golaýynda 6-njy sentýabrda başlan tokaý ýangynlary, 16 müň 500 gektardan gowrak tokaý zolagyny küle öwürdi, sebitde 11 müňden gowrak adamy öýlerini terk etmäge mejbur galdy. 

Kaliforniýa ştatynyň demirgazygyndaky Pleýser şäherçesine degişli Oksbow basseýnine barýan Moskit ýolunda 6-njy sentýabrda başlan ýangyn dowam edýär. 

Pleýser we Eldorado şäherçelerine degişli ençeme ýaşaýyş ýerine ýaramaz täsir ýetiren ýangyn, 16 müň 500 gektardan gowrak tokaý zolagyny hem küle öwürdi. 

6 müňe golaý desganyň ýangyn sebäpli zyýan çekendigi we 11 müňden gowrak adamyň öýlerini terk etmäge mejbur galandygy habar berildi. 

Kaliforniýa ştatynyň Tokaý ýangynlary agentligi, ýangynlaryň häzirki wagta çenli diňe 10 göteriminiň gözegçilik astyna alynyp bilinendigini, ýangynyň ýaýbaňlanyp golaýdaky beýleki ýaşaýyş ýerlerine hem täsir ýetirip biljekdigini aýan etdi. 


Etiketkalar: #ABŞ , #tokaý , #ýangyn , #Kaliforniýa

Degişli Habarlar