Günorta Afrikada suw howdanynyň çökmegi netijesinde 3 adam ýogaldy

Günorta Afrika Respublikasynyň Free State ştatynda bir dag magdanynyň zyňyndy suw howdanynyň çökmegi netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä 3 adamyň ýogalandygy habar berildi

1878783
Günorta Afrikada suw howdanynyň çökmegi netijesinde 3 adam ýogaldy

SABC döwlet telewideniýesiniň berýän habaryna görä, ştatyň Jagersfontein sebitinde terk edilen almaz magdanyndaky suw howdanynyň diwarynyň çökmegi netijesinde emele gelen suw basyşynda azyndan 3 adam ýogaldy. 

Habarda dereksiz ýiten 4 adamyň gözleg işleriniň dowam edýändigi mälim edildi. 

Suw sebäpli Jagersfontein sebitindäki Çarlswill ýaşaýyş zolagynda we onuň töwereginde uly ýitgileriň çekilendigi we sebitde ýaşaýan ençeme maşgalanyň öýlerini terk etmäge mejbur galandygy aýan edildi. 

Free State ştatynyň Premýer ministri Sisi Ntombela aralarynda bir hamyla zenan hem bolan 35-den gowrak adamyň ýaralanandygyny we aglabasynyň hassahanada bejergi astyna alynandygyny habar berdi. 

Sebitde kesilen elektrik toklaryň ýaňadandan işläp başlamagy üçin işleriň alynyp barylýandygy beýan edildi. 



Degişli Habarlar