Harkowyň Balakliýa Etraby Rus Güýçlerinden Yzyna Alyndy

“Ukrainanyň baýdagy al asmanda Ukrainanyň erkin şäherinde pasyrdaýar. Bu buýsandyryjy habar. Sagboluň”

1877770
Harkowyň Balakliýa Etraby Rus Güýçlerinden Yzyna Alyndy

Ukrain goşuny, Harkow welaýatynyň günorta gündogarynda ýerleşýän Balakliýa etrabynda gözegçiligi ele geçirdi.

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, sosial mediadan beren habarnamasynda “Ukrainanyň baýdagy al asmanda Ukrainanyň erkin şäherinde pasyrdaýar. Bu buýsandyryjy habar. Sagboluň” diýdi.

Ukrain goşuny tarapyndan düýn berlen beýannamada, Harkow welaýatynda 20-den gowrak ýaşaýyş ýeriniň rus güýçlerinden yzyna alynandygy habar berlipdi.

Harkowyň häkimi Oleg Sineguby hem ukrain güýçleriniň Harkowda rus güýçlerine garşy hüjüme geçendigini mälim edipdi.

 

 



Degişli Habarlar