Nigeriýada Zamun Alynan 15 Çaga Halas Edildi

Nigeriýada paç almak maksady bilen ýygy-ýygyndan çagalar zamun alynýar.

1876761
Nigeriýada Zamun Alynan 15 Çaga Halas Edildi

Nigeriýanyň Riwers welaýatynda zamun alynan 15 çaga halas edildi.

Welaýatyň İçeri işler müdüri Eboka, Port Harkourt şäherinde 2 çaganyň ýitmeginden soň operasiýa başladandyklaryny nygtady.

Eboka, operasiýada 15 çaganyň halas edilendigini we hassahanada bejergi astyna alynandygyny belledi.

Zamun alynanlaryň halas edilmegi üçin operasiýalaryň dowam etjekdigini nygtan Eboka, çagalaryň haçan zamun alynandygy hakynda bolsa maglumat bermedi.

Nigeriýada paç almak maksady bilen ýygy-ýygyndan çagalar zamun alynýar.

Ýurtda howpsyzlyk meselesi sebäpli zamun alynanlara paç tölenmegi gadagan edilipdi.

 



Degişli Habarlar