“Harkowda Käbir Ýerleri Yzyna Aldyk”

Zelenskiý, Harkowda käbir ýerleriň rus güýçlerinden yzyna alynandygyny aýtdy.

1877326
“Harkowda Käbir Ýerleri Yzyna Aldyk”

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Harkowda käbir ýerleriň rus güýçlerinden yzyna alynandygyny aýtdy.

Wladimir Zelenskiý, sosial mediadan beren habarnamasynda, ukrain esgerlerine sag bolsun aýtdy

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý “ Bu hepde Harkowdan gowy habarlar bar” diýdi.

Zelenskiý, Harkowda yzyna alynan ýerler hakynda bolsa maglumat bermedi.

Beýleki tarapdan ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen habarlarda, ukrain güýçleriniň Harkowda rus güýçlerine garşy hüjüme geçendigi öňe sürüldi.

Ukrain güýçleriniň Harkowyň günorta gündogarynda ýerleşýän Wolokow Ýar obasyna girendigi aýdylýar.

 



Degişli Habarlar