“Russiýa, Demirgazyk Koreýadan Ýarag Satyn Aldy”

Jon Kirby, Russiýanyň Demirgazyk Koreýadan millionlarça raketa we gülle alandygyny öňe sürdi.

1876701
“Russiýa, Demirgazyk Koreýadan Ýarag Satyn Aldy”

Ak Tamyň Milli howpsyzlyk boýunça geňeşçisi Jon Kirby, Russiýanyň Demirgazyk Koreýadan millionlarça raketa we gülle alandygyny öňe sürdi.

Jon Kirby Ak Tamda metbugata beren beýanatynda, Demirgazyk Koreýanyň Russiýa ýarag satandygyny öňe sürdi.

Kirby, “Şol ýaraglaryň arasynda millionlarça raketa bilen gülle bar. Ýarag satuwynyň tamamlanandygy we şol ýaraglaryň ulanylmaga başlandygy hakynda bolsa heniz hiç hili maglumat ýok” diýdi.

Jon Kirby ady agzalýan ýarag satuwynyň Russiýanyň Ukraina söweşi meselesinde “umydyny ýitirendigini we çäresizdigini” görkezýändigini belledi.

 

 



Degişli Habarlar