Liz Trass Ilkinji Çykyşyny Etdi

Britaniýanyň täze premýer-ministri Liz Trass halka ýüzlenip ilkinji çykyşyny etdi.

1876767
Liz Trass Ilkinji Çykyşyny Etdi

47 ýaşly Trass çykyşynda energiýa ýetmezçiligini ortadan aýyrmak üçin tagalla etjekdigini nygtap, şu hepde işe girişjekdigini aýtdy.

Trass, ykdysady ösüş maksatnamasy üçin salgytlaryň ýeňilleşdiriljekdigine we özgertmeleriň ediljekdigine ünsleri çekdi.

Ýurduň ministrleriň kabinetiniň düzümi hem kesgitlendi.

Täze hökümetde Jeýms Klewerli Daşary işler, Suella Brawerman İçeri işler, Kwasi Kwarteng bolsa maliýe ministrligine bellendi.

Goranmak ministri Ben Uolles bolsa wezipesinden galdy.

Täze premýer-ministr soň bolsa Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Trass ýurdunyň Ukraina berýän “doly goldawynyň” dowam etjekdigini nygtady.

 



Degişli Habarlar