Ysraýyl Türkiýe Bilen Awiasiýa Pudagynda Hyzmatdaşlyk Etmek Hakyndaky Ylalaşygy Tassyklady

Ysraýylyň Premýer-ministri Ýair Lapid Türkiye bilen awiasiýa pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşygy tassyklandyklaryny beýan etdi.

1875731
Ysraýyl Türkiýe Bilen Awiasiýa Pudagynda Hyzmatdaşlyk Etmek Hakyndaky Ylalaşygy Tassyklady

Lapid Twitter hasabyndan beren habarnamasynda; “Hökümetimiz Türkiye bilen Ysraýylyň arasynda awiasiýa gatnaşyklarynyň açylmagy hakyndaky ylalaşygy tassyklady” diýip ýazdy.

Ysraýylyň Premýer-ministri ylalaşyk bilen Ysraýyla degişli howaýollarynyň Stambula we Türkiýäniň beýleki şäherlerine gatnaw edip biljekdigini habar berdi.

Ysraýyl bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşýandygyna ünsi çeken Lapid; “Bu ylalaşyk ähli zat ozal ysraýylly ýolagçylar we Ysraýylyň awiasiýasy üçin bähbitli bolar. Aýratynam sebitde durnuklylyk we asudalyk üçin möhüm strategik başlangyçdyr hem-de iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegine möhüm goşant goşar. Nobatdaky başlangyç İlçileriň bellenmegidir” diýip ýazdy.

Häzirki wagtda Türk howaýollary we beýleki türk awiakompaniýalary Ysraýyla ýolagçy gatnadýar.

Ysraýyla degişli howaýoly kompaniýalarynyň ysraýylly ýolagçylaryň howpsuzlygy üçin ýokary howpsuzlyk düzgünlerini berjaý edýändigi bilinýär.

 



Degişli Habarlar