“Türkiýe Russiýa Üçin Esasy Hyzmatdaş”

“Türkiýe biziň üçin dost ýurt. Türkiýe, halkara syýasy meselelerde, söwda we ykdysady gatnaşyklar taýdan biziň üçin esasy hyzmatdaş”

1876429
“Türkiýe Russiýa Üçin Esasy Hyzmatdaş”

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, Türkiýäniň, Russiýa üçin esasy hyzmatdaşdygyny nygtady.

Peskow, “Izwestiýa” gazetine beren beýanatynda, Russiýa-Türkiýe gatnaşyklary hakynda durup geçdi.

Türkiýe bilen esasan Ukraina meselesinde garaýyş tapawutlylygynyň bardygyny emma Russiýanyň, Türkiýäni esasy hyzmatdaşy hökmünde görýändigini nygtan Peskow “Türkiýe biziň üçin dost ýurt. Türkiýe, halkara syýasy meselelerde, söwda we ykdysady gatnaşyklar taýdan biziň üçin esasy hyzmatdaş” diýdi.

Türkiýäniň, Russiýa goýlan sanksiýalara goşulmandygyna ünsi çeken Peskow “Türkiýe garaşsyz syýasat alyp barýar. Russiýa bilen Türkiýe syýasy we ykdysady taýdan uly mümkinçilige eýe” diýip belledi.

Peskow, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň, Türkiýäniň ukrain gallasynyň dünýä bazarlaryna ýetirilmegi üçin eden tagallasy barada öwgüli sözler aýdandygyny ýatlatdy.



Degişli Habarlar