Owganystanda Ýer Titredi

Nangarhar welaýatynyň merkezi Jelalabad etrabynyň 38 kilometr demirgazyk gündogarynda bolandygy nygtaldy.

1875683
Owganystanda Ýer Titredi

Owganystanda ýerli wagt bilen 02,27-de 5,3 bal ululygynda ýer titremesi boldy.

Ýer titremesiniň ýurduň gündogarynda Pakistan serhedinde ýerleşýän Nangarhar welaýatynyň merkezi Jelalabad etrabynyň 38 kilometr demirgazyk gündogarynda bolandygy nygtaldy.

Ýer titremesiniň paýtagt Kabul bilen birlikde golaýdaky welaýatlarda we Pakistan serhedinde hem täsirli bolandygy bellenildi.

22-nji iýunda Owganystanyň gündogar welaýatlarynda bolan 5,9 bal ululygynda ýer titremesinde 1200 adam ýogalypdy.



Degişli Habarlar