Borrel: "Eýrandan we ABŞ-dan makul jogaplar aldyk" diýdi

Borrel mundan başgada ylalaşygyň umumy çarçuwada maslahatlaşylandygyny belläp: "Her kimiň aladalaryna üns berilen bir ylalaşyk tekstiniň bardygy açyk" diýip mälim etdi

1874496
Borrel: "Eýrandan we ABŞ-dan makul jogaplar aldyk" diýdi

Ýewropa Bileleşiginiň Daşary gatnaşyklar we Howpsuzlyk syýasatynyň ýokary wekili Jozep Borrel, ABŞ tarapyndan Eýrana ugradylan ýadro ylalaşygy bilen bagly tekst üçin ýurtlaryň ikisinden hem makul jogaplar alandyklaryny habar berdi. 

Jozep Borrel Çehiýanyň paýtagty Praga şäherinde geçirilen Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatynda, ABŞ bilen Eýranyň arasynda gepleşikleriň dowam edýän ýadro ylalaşygy barada beýanat berdi. 

Borrel ABŞ-nyň ýadro ylalaşygyna gaýdyp gelmek üçin Eýrana ugradan tekst üçin Eýrandan we ABŞ-dan makul jogaplar alandyklaryny belläp: "Öňümizdäki günlerde şol mümkinçiligi ýitirmeris we ylalaşygy doly ýagdaýda tamamlarys diýip umyt edýärin" diýip habar berdi. 

Borrel mundan başgada ylalaşygyň umumy çarçuwada maslahatlaşylandygyny belläp: "Her kimiň aladalaryna üns berilen bir ylalaşyk tekstiniň bardygy açyk" diýip mälim etdi. 

Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan düýn beren beýanatynda, ABŞ-nyň ýadro ylalaşyga gaýdyp gelmek üçin hödürlän hatyň gözden geçirilmek tapgyrynyň dowam edýändigini nygtap: "Eger ABŞ hakykatçyl bolsa we bar bolan teksti has hem güýçlendirse ylalaşyk gazanmak ähtimallygymyz uzak däl" diýip habar beripdi. 

AK Tamyň Milli Howpsuzlyk geňeşiniň strategik aragatnaşygynyň müdüri Jon Kirbi Eýran bilen ýadro ylalaşyk boýunça häzirki wagtda ozalklylardan has ýakyndyklaryny mälim edipdi. 



Degişli Habarlar