Indoneziýada 5,9 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Indoneziýanyň suw giňişliginde 5,9 bal ululygynda ýer titremäniň bolandygy habar berildi

1873220
Indoneziýada 5,9 bal ululygynda ýer titremesi boldy

ABŞ-nyň Geologiýa ylmy-derňew merkezi 5,9 bal ululygyndaky ýer titremäniň Günbatar Sumatra ştatynyň Pariaman şäheriniň 170 km günorta-günbatarynda we ýeriň 18 km aşagynda emele gelendigini habar berdi. 

Şaýatlar tarapyndan berilen habara görä, ýer titremäniň başdan geçirilen sebitdäki ýaşaýjylar sunami howpy sebäpli öýlerini terk etdiler we has beýik ýerlere çykdylar. 

Degişli edaralar sebitiň ýaşaýjylaryna birnäçe wagt soň sunaminiň bolmajakdygy barada habar berdiler. 

Beýleki tarapdan Indoneziýanyň Meteorologiýa, klimatologiýa we geofizika edarasyny ýer titremäniň ululygynyň 6,4 bal ululygynda bolandygyny mälim etdi. 

Ýer titremeden soň adam pidalarynyň ýa-da ýaralanamlaryň bolandygy barada maglumat berilmedi. 



Degişli Habarlar