ABŞ-da Guralan Ýaragly Hüjümde 3 Adam Ýogaldy

Söwda merkezinde guralan hüjümde, hüjümçi bilen birlikde 3 adam ýogaldy.

1873331
ABŞ-da Guralan Ýaragly Hüjümde 3 Adam Ýogaldy

ABŞ-da guralan ýaragly hüjümde azyndan 3 adam ýogaldy.

CNN-niň berýän habaryna görä, Oregon ştatynyň Bend şäherinde söwda merkezinde guralan hüjümde, hüjümçi bilen birlikde 3 adam ýogaldy.

Ýolbaşçylar, hüjümçiniň ilki ulag duralgasynda ot açmaga başlandygyny mälim etdi.

Hüjümçiniň soň dükanlardan birine girendigi we bir adamy öldürendigi nygtaldy.

Wakada hüjümçi bilen birlikde 3 adamyň ýogalandygy mälim edildi.

Hüjümde ýaralananlaryň hem bardygy we hüjüm bilen arabaglanşykly derňew işiniň dowam edýändigi bellenildi.

 



Degişli Habarlar