“Russiýa Indi Ynamdar Hyzmatdaş Däl”

Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şulz “Russiýanyň indi ynamdar hyzmatdaş däldigini”, ýurduny rus tebigy gazyna garaşlylykdan halas etmek üçin işleýändigini aýtdy.

1871272
“Russiýa Indi Ynamdar Hyzmatdaş Däl”

Üç günlük Montreal saparynyň birinji gününde Kanadanyň Premýer-ministri Jastin Trýuda bilen duşuşan Şulz, ýurdunyň rus gazyna garaşlylygyny ortadan aýyrmak we täze energiýa çeşmelerine elýeterli bolmak üçin elinden geleni edýändigini aýtdy.

Germaniýanyň Federal Kansleri Russiýanyň “ynamdar hyzmatdaş däldigini”, aslyna garalanda bolmadyk tehiniki sebäpleri öňe sürüp, Ýewropa gaz akdyrmagy azaldandygyny aýtdy.

Kanadanyň ýaşyl gidrogeniň ýaýbaňlandyrylmagy üçin merkezi pozisiýa eýeleýändigini beýan eden Şulz, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy güýçlendirendikleri üçin kanagatlanma bildirdi.



Degişli Habarlar