Awstriýada rus diplomatlaryň Ukraina garşy beýannamalary nägilelikler döretdi

Rus diplomatlaryň Awstriýada Ukraina garşy beren beýannamasy nägilelikleriň döremegine sebäp döretdi

1870484
Awstriýada rus diplomatlaryň Ukraina garşy beýannamalary nägilelikler döretdi

Russiýanyň BMG-nyň Wena şäherindäki ofisinde iş alyp barýan Mihail Ulýanow, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiýniň ABŞ-nyň ýurduna beren ýarag kömegi bilen bagly Twitterden paýlaşan beýannamasy barada, "Ukrainanyň halkyna merhemet ýok" diýip aýtmagy, Awstriýada nägilelikleriň döremegine sebäp döretdi.

Wenadaky Ukrainanyň wekilleri, Mihail Ulýanowyň beýanatyny genosid hökmünde häsýetlendirdi.

Şol hadysalardan soň Awstriýanyň Daşary işler ministrligi ýazmaça beýanat berip, rus diplomat Mihail Ulýanowa reaksiýa bildirdi.

Ministrlik beren beýanatynda söz azatlygynyň tarapdarydyklaryny, emma bular ýaly görnüşli öjükdiriji beýannamalara garşy durýandyklaryny habar berdi.

Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde takmynan 18 aý dowam eden Eýranyň ýadro gepleşiklerinde Russiýanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk eden diplomatyň Daşary işler ministrligine çagyryljakdygy mälim edildi.

Bildirilen nägileliklerden soň beýannamasyny bozan rus diplomat Ulýanow, beýannamasynyň ýoýulandygyny belläp, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiýniň ABŞ-dan ýarag alyp, diplomatiýanyň ýerine söweşi saýlandygyny, şol sebäpli öz halkyna merhemet etmeýändigini düşündirmäge synanyşandygyny öňe sürdi.



Degişli Habarlar