ÝB-niň Resmisi Türkiýe-Ysraýyl Gatnaşyklarynyň Ösmegine Kanagatlanma Bildirdi

Bu barasynda ÝB Komissiýasynyň giňelmekden we goňşuçylyk işlerinden jogapkär agzasy Warhelýi habarnama berdi.

1869614
ÝB-niň Resmisi Türkiýe-Ysraýyl Gatnaşyklarynyň Ösmegine Kanagatlanma Bildirdi

ÝB Komissiýasynyň giňelmekden we goňşuçylyk işlerinden jogapkär agzasy Oliwer Warhelýi Türkiye bilen Ysraýylyň diplomatik gatnaşyklary ösdürip, ikitaraply ilçi bellemek hakyndaky kararyna kanagatlanma bildirdi.

Oliwer Warhelýi sosial mediadan beren habarnamasynda; “Türkiye bilen Ysraýylyň doly diplomatik gatnaşyklary gaýtadan dikeltmek hakyndaky beýannama hoşallygymy bildirýärin” diýip ýazdy.

Şonuň özara gatnaşyklaryň ösmegine, sebitleýin durnuklylyga we eşretli ýaşaýyş üçin öwrükşik nokady bolandygyny nygtan Warhelýi; “ÝB täze hyzmatdaşlyk şertleriniň döredilmegini goldamaga taýýar” diýdi.



Degişli Habarlar