Siriýanyň Bab Etrabynda Guralan Hüjümde 14 Adam Ýogaldy

Bab etraby 2017-nji ýylyň fewral aýynda Türk ýaragly güýçleriniň “Ýefrat galkany” operasiýasy bilen terrordan saplanypdy.

1870052
Siriýanyň Bab Etrabynda Guralan Hüjümde 14 Adam Ýogaldy

Siriýanyň demirgazygynda Türk ýaragly güýçleriniň “Ýefrat galkany” operasiýasy bilen terrordan saplanan Bab etrabyna guralan raketa hüjüminde asuda ilatdan 14 adam ýogaldy, 37 adam ýaralandy.

Harby oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky Bab etraby nyşana alyndy.

Etrap merkezine guralan hüjümde ilkinji kesgitlemere görä çagalar bilen birlikde asuda ilatdan 14 adam ýogaldy, 37 adam ýaralandy.

Siriýanyň demirgazygynda ýerleşýän Bab etraby 2017-nji ýylyň fewral aýynda Türk ýaragly güýçleriniň “Ýefrat galkany” operasiýasy bilen terrordan saplanypdy.

 



Degişli Habarlar