“Parahatçylyk Gepleşikleriniň Başlamagy Üçin Russiýa Basyp Alan Ýerlerinden Çekilmeli”

"Ukrainanyň territorial bitewiline we özygtyýarlygyna goldaw berýändikleri üçin Jenap Guterreşe we Jenap Erdogana minnetdarlyk bildirýärin”

1869994
“Parahatçylyk Gepleşikleriniň Başlamagy Üçin Russiýa Basyp Alan Ýerlerinden Çekilmeli”

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, rus esgerleriniň ýurdundan çekilmeginden soň parahatçylyk gepleşikleriniň başlap biljekdigini aýtdy.

Wladimir Zelenskiý Lwow şäherinde Prezident R. T. Erdogan we BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen metbugata beýannama berdi.

Prezident Erdogan bilen Guterreşi myhman almakdan hoşaldygyny nygtan Zelenskiý, “Esasan Ukrainanyň territorial bitewiline we özygtyýarlygyna goldaw berýändikleri üçin Jenap Guterreşe we Jenap Erdogana minnetdarlyk bildirýärin” diýdi.

Russiýany ýurduna garşy terrorçylykly hüjüm guramakda günäkärlän Zelenskiý, Russiýa bilen parahatçylyk gepleşikleriniň başlamagy hakynda durup geçdi.

Russiýa ynanmaýandyklaryny, Russiýanyň her gün Ukraina hüjüm guramaga dowam edýändigini ýatladan Zelenskiý, “Parahatçylyk gepleşikleriniň başlamagy üçin Russiýa ilkinji nobatda basyp alan ýerlerinden çekilmeli” diýdi.

 



Degişli Habarlar