Meksikada ýene-de bir žurnalist öldürildi

Serhetsiz habarçylar guramasynyň berýän maglumatyna görä, ýurtda 2000-nji ýyldan bäri öldürilen žurnalistleriň sany 150 adamdan geçdi

1869575
Meksikada ýene-de bir žurnalist öldürildi

Meksikanyň metbugatynda berilen habarlarda, Sonora ştatynyň San Luis Rio Kolorado şäherinde "Nämeden gorkýarsyň?" atly internet saýtyň eýesi, şahsyýeti näbelli adamlar tarapyndan öldürildi. 

Sonora ştatynyň prokuraturasyndan berilen beýanatda, öldürilen žurnalistiň 62 ýaşyndaky Huan Arhon Lopesdigi, bedeniniň agyr zarbalara sezewar bolandygy mälim edildi. 

Soňky jenaýat bilen birlikde täze ýylyň başyndan bäri öldürilen žurnalistleriň sany 13-e ýetdi. 

Serhetsiz habarçylar guramasynyň berýän maglumatyna görä, ýurtda 2000-nji ýyldan bäri öldürilen žurnalistleriň sany 150 adamdan geçdi. 


Etiketkalar: #žurnalist , #Meksika

Degişli Habarlar