Galla Geçelgesi Netijeli Işleýär

Bu barasynda Ukrainanyň Infrastruktura ministri Oleksandr Kubrakow Twitter arkaly habarnama berdi.

1870186
Galla Geçelgesi Netijeli Işleýär

Ukrainanyň Infrastruktura ministri Oleksandr Kubrakow Prezident R.T.Erdoganyň hemaýat bermeginde Stambulda gol çekişilen galla ylalaşygynyň saýasynda galla geçelgesiniň netijeli işleýändigini beýan etdi.

 Kubrakow Twitter hasabyndan beren habarnamasynda BMG-niň Baş sekretary Antuniu Guterrişi şu gün Odessa portunda myhman alandyklaryny habar berdi.

Guterrişiň gämilere galla ýükleniş tapgyry bilen tanyş bolandygyny beýan eden Kubrakow; “Gara deňiz galla başlangyjy sebäpli galla geçelgesiniň netijeli işleýändigini ynam bilen aýdyp bileris” diýdip ýazdy.

Gara deňizden howpsuz azyk daşalmagyny ýola goýmak üçin 22-nji iýulda Prezidentiň Stambulyň Dolmabahçe köşkündäki ofisinde Prezident R.T.Erdoganyň we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň gatnaşmagynda Ukraina we Russiýa bilen “Stambul Galla Ylalaşygyna” gol çekişilipdi.



Degişli Habarlar