Ukrainanyň Harkow şäherine raketaly hüjüm guraldy

Russiýanyň goşunynyň Ukrainanyň Harkow şäherine guran raketaly hüjüminde 7 adam ýogaldy, 17 adam ýaralandy

1869376
Ukrainanyň Harkow şäherine raketaly hüjüm guraldy

Harkow şäheriniň häkimi Igor Terehow, Russiýanyň harby güýçleriniň düýn gije Harkow şäherindäki üç gatly bina raketaly hüjüm gurandygyny habar berdi. 

Igor Terehow hüjümde 7 adamyň ýogalandygyny, 17 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi. Ýaralanan ähli adamlara lukmançylyk kömeginiň berilendigini aýdan Terehow, öýsüz galan adamlaryň hem wagtlaýyn ýaşaýyş ýerler bilen üpjün edilendigini beýan etdi. 

Harkow şäheriniň häkimi Igor Terehow: "Ukrainany we Harkowy näçe bombalasalar bombalasynar, biz diňe diri galmak bilen çäklenmeris, şol bir wagtda ýeňiş hem gazanarys. Russiýadan we ölümden rüstem geleris" diýip nygtady.

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjüm başladypdy. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Russiýa , #Ukraina , #Harkow

Degişli Habarlar