Ukraina Russiýanyň söweşdäki harby ýitgileri barada maglumat berdi

Ukrainanyň Baş Ştabyndan berilen beýanatda, Russiýanyň goşunynyň 24-nji fewral-18-nji awgust aralygyndaky harby ýitgileri barada maglumat berdi

1869581
Ukraina Russiýanyň söweşdäki harby ýitgileri barada maglumat berdi

Ukrainanyň Baş Ştaby Russiýanyň goşunynyň soňky 1 günde 1 uçaryndan, 3 taňkyndan, 1 uçarmansyz howa ulagyndan, 17 topundan, 2 raketa ulgamyndan, 6 ulagyndan we 17 sowutly ulagyndan mahrum bolandygyny mälim etdi.

Russiýanyň goşunynyň mundan başgada 200 esgerinden mahrum bolandygy, rus goşunynyň iň köp ýitgi çeken sebitiniň bolsa Donetskdigi habar berildi. 

Ukrainanyň Baş ştaby tarapyndan berilen maglumatlara laýyklykda Ukraina garşy söweş başladan Russiýa degişli 234 uçar, 197 dikuçar, 1889 taňk, 4 müň 179 sowutly ulag, 1010 top, 265 köp nilli raketa ulgamy we 136 howa goranyş ulgamy hatardan çykaryldy. 

Russiýanyň goşunynyň şeýle hem 3 müň 61 ulagynyň, 15 gämi we ýokary tizlikli kateriniň, 793 uçarmansyz howa ulagynyň, 190 ganatly raketasynyň hatardan çykarylandygy mälim edildi. 

Beýanatda rus goşunynyň şu günki güne çenli 44 müň 300 esgerini ýitirendigi beýan edildi. 

Russiýanyň Goranmak ministrliginden 25-nji martda berilen beýanatda Ukrainada 1351 rus esgeriň ýogalandygy beýan edilipdi. 


Etiketkalar: #Baş Ştab , #Russiýa , #Ukraina

Degişli Habarlar