Ýaponiýada 5,3 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Ýaponiýanyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Miýagi we Fukusima welaýatlarynyň suw giňişliginde 5,3 bal ululygynda ýer titremesi boldy

1869475
Ýaponiýada 5,3 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Ýaponiýanyň Meteorologiýa agentliginiň berýän habaryna görä, Fukusimanyň Soma we Miýaginiň Işinomaki sebitleriniň suw giňişliklerinde ýerli wagt bilen sagat 14:46-da 5,3 bal ululygynda ýer titreme boldy. 

Ýer titremeden soň uly tolkunlaryň boljakdygy barada duýduryş berilmedi. 

Ýer titreme Iwate Aomori, Ýamagata we Ibaraki welaýatlarynda hem duýuldy. 


Etiketkalar: #ýer titreme , #Ýaponiýa

Degişli Habarlar