Taýwan Hytaýa degişli uçarlaryň we gämileriň adanyň golaýynda hasaba alynandygyny habar berdi

Taýwanyň Goranmak ministrligi, Hytaýa degişli 21 harby uçaryň we 5 harby gäminiň adanyň töwereginde hasaba alynandygyny mälim etdi

1869180
Taýwan Hytaýa degişli uçarlaryň we gämileriň adanyň golaýynda hasaba alynandygyny habar berdi

Taýwanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, uçarlaryň 5-siniň Taýwan bogazyndan taraplaryň täsirini çäklendirýändigi kabul edilýän howa we deňiz zolagynyň gündogaryna we Taýwanyň Howa goranyş kesgitleýiji zolagy hökmünde yglan eden sebitiň günorta-günbataryna uçandyklary habar berildi. 

Beýanatda Hytaýa degişli howa we deňiz ulaglarynyň, elektron gözegçilik enjamlary, uçarlar, gämiler we ýer raketa ulgamlary bilen gözegçilik edilýändigi aýan edildi. 

ABŞ-nyň Wekiller mejlisiniň başlygy Nensi Pelosiniň şu aýyň başyndaky saparyndan soň Hytaýyň goşuny adanyň töwereginde harby türgenleşikler başladypdy. 


Etiketkalar: #uçar , #gämi , #Hytaý , #Taýwan

Degişli Habarlar